Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sigeru Isibadan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hem hat gelip gowuşdy. “Türkmenistan” gazetinde çap edilen hatynda Sigeru Isiba Premýer-ministr wezipesine bellenilmegi mynasybetli iberen gutlagy we hoşniýetli sözleri üçin türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirýär.
— Ýaponiýanyň hem-de Türkmenistanyň köp ýyllaryň dowamynda dostluga, ynanyşmaga esaslanýan özara bähbitli hyzmatdaşlygy saklap gelýändiklerine begenýärin. Siziň Alyhezretiňiziň saldamly goşandyňyz, şol sanda Ýaponiýa amala aşyran saparlaryňyz ýurtlarymyzyň arasyndaky, şol sanda syýasy, ykdysady, medeni ulgamlardaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedir. Alyp barýan işiňiz üçin Size tüýs ýürekden hormatymy beýan etmek isleýärin.
Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky oňyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin Siziň Alyhezretiňiz bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýärin — diýip, Ýaponiýanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna iberen hatynda belleýär.