Top.Mail.Ru

Hytaýda uçýan awtoulag öndürýän ilkinji zawod gurlup başlandy

14:5928.10.2024
0
12931

Hytaýyň Guançžou ülkesinde uçýan awtoulaglary öndürýän kärhananyň gurluşyna başlandy. Bu dünýäde şeýle awtoulaglary öndürýän ilkinji zawod bolar diýlip, kompaniýanyň metbugat gullugyna salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Kärhananyň meýdany 180 müň inedördül metri eýeleýär. Uçýan awtoulaglaryň köpçülikleýin satuwa goýberilişine 2026-njy ýylda başlamak maksat edinilýär. Kärhananyň yglan edilen kuwwatlylygy ýylda 10 müň awtoulaga deňdir.

Uçýan awtoulagyň ilkinji uçuşyny şu ýylyň noýabrynda Çžuhae şäherinde geçjek awtosalonda görkezmek göz öňünde tutulýar. Kompaniýanyň wekilleriniň sözlerine görä, olar eýýäm uçýan ulaglar üçin üç müňden gowrak deslapky sargyt aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň