Gökdepe Kän müdirligi gurluşyk önümleriniň önümçiliginde öňdebaryjy kärhanalaryň hataryndaky ornuny berkitmek bilen, iş görkezijilerini aýma-aý barha ýokarlandyrýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
2024-nji ýylyň geçen dokuz aýynda bu ýerde 44 million manatlyga golaý önüm öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu babatda ýokary ösüş depgini üpjün edildi. Magdan däl gurluşyk önümlerini, çagyl daşyny öndürmekde 102 göterimden gowrak ösüş depgini gazanyldy.
Habarda bellenilişi ýaly, ýylyň başyndan bäri müdirlik boýunça magdan däl görnüşlere baý bolan ýataklardan alnan çig malyň ýokary talaplara laýyklykda işlenilip, daş owuntygynyň, ýuwlan çägäniň, çagyl-çäge garyndylarynyň müňlerçe tonnasy öndürildi we sarp edijilere bökdençsiz ugradyldy.