Aşgabatda geçirilen TÜRKSOY-yň Ikinji teatr festiwalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň «Pursat» spektakly baş baýraga mynasyp boldy.
Režissýor Mekan Jumabaýew tarapyndan goýlan sahna oýny festiwalda «Iň gowy spektakl» hökmünde ykrar edildi.
Spektakl Türkmenistanyň görnükli ýazyjy we dramaturgy Hemra Şirowyň «Ýaşyl zümerret» atly pýesasynyň we Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň esasynda metafiziki žanrda döredildi – diýip, teatrda biziň habarçymyza gürrüň berdiler.
«Pursat» – bu dem alşyň arasynda dem saklanýan pursatdyr – diýip, Mekan Jumabaýew sahna eseriniň goýulyşynyň ideýasyny düşündirdi. - Bu örän gysga pursat, edil adam ömri ýaly gysgadyr. Biziň gahrymanymyz şol pursady manyly ýaşamak hakda pikir edýär. Bu spektakl – beýik şahyryň çylşyrymly keşbini açyp görkezmäge edilen ýene-de bir synanyşykdyr».
Spektakl öz pikir-mazmuny, täsirli sahna çözgütleri we oýundaky aktýorçylyk ýerine ýetirilişi bilen tomaşaçylarda we festiwalyň emin agzalarynda uly täsir galdyrdy.
Türkmen teatry TÜRKSOY-yň teatr festiwalynda indi ilkinji gezek şunuň ýaly ýokary baýraga eýe bolandygy bellenmäge mynasypdyr.