Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan — BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görülýär

11:2126.10.2024
0
18354

25-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hem hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.

Mälim bolşy ýaly, bu geňeş Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň goldaw bermeginde 2024-nji ýylyň martynda döredildi. Şu ýyl onuň mejlisleriniň ikisi geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna noýabr aýynda geňeşiň nobatdaky mejlisini geçirmek we onuň gün tertibi baradaky teklipler hödürlenildi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnama laýyklykda, Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň meýilnamasynyň deslapky taslamasy işlenip düzüldi we ony öňdäki mejlisde ara alyp maslahatlaşmak teklip edilýär. Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede durmuşa geçirmekde ulgamlaýyn çemeleşmeleri we oňyn tejribeleri ornaşdyrmak maksady bilen, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy we ýurduň degişli ministrlikleri, pudak edaralary bilen bilelikde taýýarlanylan «2024 — 2026-njy ýyllarda Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary boýunça hasabatlylygy berkitmek baradaky «Ýol kartasyna» garamak teklip edilýär. Bu resminamanyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde birnäçe çäreleri guramak meýilleşdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bu abraýly halkara gurama bilen hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge aýratyn üns berýär. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Bu Kararnama bilen bagly Türkmenistanda we dünýä döwletlerinde birnäçe halkara çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek hem-de mejlisde degişli çäreler boýunça soraglary ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly teklibi goldap, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň