Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

22-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

16:0722.10.2024
0
9558

Türkmen wekiliýeti Waşington şäherinde gulluk iş saparynda bolar, Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk pudagynyň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi, Türkmenistanda Russiýanyň arheologik missiýasy peýda bolup biler we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklandy. Resminama Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen gol çekildi.

2. Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen wekiliýeti Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä bankynyň nobatdaky ýyllyk maslahatyna gatnaşmak üçin 22 — 26-njy oktýabr aralygynda Waşington şäherinde gulluk iş saparynda bolar. Şeýle hem wekiliýet birnäçe ugurdaş çärelere gatnaşar. Resminama dünýäniň iri halkara pul gaznalarynyň hem-de birnäçe maýa goýum edaralarynyň Arkadag şäherini has-da ösdürmek bilen bagly gyzyklanmalarynyň artýandygyny göz öňünde tutulyp gol çekildi.

3. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurduň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy. Döwlet Baştutany ýurduň oba hojalygy pudagynda jogapkärli döwrüň – pagta ýygymy möwsüminiň dowam edýändigine ünsi çekdi we ýygymyň depginini güýçlendirmegiň, hasyly gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli zerur işleri geçirmegiň möhümdigini belledi. Serdar Berdimuhamedow bugdaý ekişiniň hem dowam edýändigine hem ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Prezidenti hyzmat ediji edara-kärhanalar bilen ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnamak işlerine berk gözegçilik etmegi hem-de Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamaga başlamaga gowy taýýarlyk görmek barada aýratyn tabşyryklar berildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow gyş paslynyň hem golaýlap gelýändigini aýdyp, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini üpjün etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

4. Gazuw-agtaryş işleri alnyp barylýan GDA-nyň ýurtlarynda bolşy ýaly, Türkmenistanda hem Russiýanyň arheologiki missiýasy peýda bolup biler. Şeýle missiýa baradaky teklibi Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Etnologiýa we antropologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri, Türkmenistanyň günorta-gündogaryndaky Margiana arheologiki ekspedisiýasynyň ýolbaşçysy Nadežda Dubowa öňe sürdi. Missiýalar tapyndylar we gazuw-agtaryş işleri geçirilen ýerler, arheologlaryň işi we durmuşy barada gürrüň berýän sergi zallaryny öz içine alyp biler. Olar russiýalylar tarapyndan ýerli kärdeşleri bilen bilelikde alnyp barylýan işler bilen GDA ýurtlarynyň ýaşaýjylarynyň has içgin tanyşmagyna ýardam berer we gyzyklanma bildirýänlere arheologiýa ugrundaky bilimleri öwrenmäge ýa-da artdyrmaga mümkinçilik döreder.

5. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň dowamynda Türkmenistan bilen HHR-niň bilim pudagyndaky hyzmatdaşlygyny giňeltmek babatda birnäçe duşuşyklar geçirildi. Hususan-da, Türkmenistanda «Lu Ban ussahanasyny», uniwersitetiň düzüminde Türkmen-hytaý energetika okuw merkezini açmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Dünýäde

6. Beýik Britaniýanyň Maliýe gözegçiligi we dolandyryşy müdirligi awtoulag karzlaryny üzmek babatda kynçylyk çekýän müşderilere ýaramaz çemeleşýändigi üçin «Volkswagen-iň» maliýe bölümine uly mukdarda jerime saldy. Bu jerimäniň möçberi 5,4 million ýewro boldy. Geçirilen derňew bergidarlar bilen işleşilende çynlakaý düzgün bozmalary ýüze çykardy. «VW Finance-yň» işgärleri telefon gepleşiklerinde gödek hereketlere ýol berýärdiler, şol sanda müşderileriň üstünden gülýärdiler, şeýle hem karzy üzmek üçin mümkin bolan çözgütleri teklip etmeýärdiler.

7. Ýaponiýanyň Sukuba we Okaýama uniwersitetleriniň ylmy topary tebigy ýumurtga gabyklaryny ulanmazdan towuk embrionlaryny ösdürmek üçin ulgam döretdi. Alymlar geçirilen öňki synaglaryň esasy meselesini – düwünçegiň gorag membranasynyň guramak kynçylygyny ýeňip geçmegi başardylar. Çözgüt hökmünde minutda 10 aýlaw tizliginde işleýän ýörite garyjy ulanylanyldy. Bu çemeleşme sagdyn towuklary üstünlikli köpeltmegiň iň ýokary göterimine ýetmäge mümkinçilik berdi.

Sport täzelikleri

8. Türkmenistan we Halkara tennis federasiýasy (ITF) ýurdumyzda sportuň bu görnüşini 2028-nji ýyla çenli ösdürmek meýilnamasyna gol çekmek barada ylalaşyk gazandy. Gonkongda Halkara tennis federasiýasynyň Baş assambleýasynyň çäklerinde geçirilen gepleşiklerde Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy Eziz Döwletow bilen ITF-iň baştutany Dewid Haggertiniň arasynda degişli ylalaşyk gazanyldy. Ylalaşygyň çäklerinde tälimçiler üçin okuw maslahatyny geçirmek, şeýle hem maýyplar üçin tennis sportuny ösdürmek ýaly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin Aşgabat şäherindäki «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezinden» peýdalanmak göz öňünde tutulýar.

9. Türkmenistan milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Teýmur Çaryýew «Abdyş-Ata» futbol klubynyň düzüminde 2024-nji ýylda Gyrgyzystanyň Superkubogynyň eýesi boldy. Onuň topary «Muras Ýunaýted» bilen duşuşykda ýeňiş gazandy. Duşuşyk Bişkekde geçirilip, 1:0 hasabynda tamamlandy. Teýmur Çaryýew ilkinji minutlardan meýdança çykdy we toparynyň ýeňşine möhüm goşant goşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň