Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň barlaghanalary halkara akkreditasiýasyna eýe bolar

10:2719.10.2024
0
1541

Wise-premýer H.Geldimyradow sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Döwlet etalon merkeziniň hem-de “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň barlaghanalarynyň işini halkara ölçeglere laýyklykda kämilleşdirmek hem-de akkreditasiýadan geçirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, bu ugurdaky çäreler standartlaşdyrmak ulgamyndaky işleri döwrüň talabyna laýyklykda alyp barmaga, ugurdaş maddy-enjamlaýyn binýady mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga, bu düzümleriň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurtda hereket edýän barlaghanalary talabalaýyk işletmegiň zerurdygyny belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli synag barlaghanalaryny halkara akkreditasiýadan geçirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Bu barada TDH ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň