Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Lebapgallaönümleri» 28 müň tonna golaý un öndürdi

17:2018.10.2024
0
2635

«Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginde un, tüwi, ýarmadyr kepek önümçiliginde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, uly öňegidişlikler gazanyldy. Bu ýerde şu günler gündogarly daýhanlar tarapyndan üstümizdäki ýylda ýygnalyp alnan bugdaýyň gaýtadan işlenilýändigini aýratyn nygtamak gerek. Bu barada «Türkmenistan» gazeti ýazýar.

Önümçilik birleşiginde ýylyň başyndan bäri guşgursak bugdaýdan 28 müň tonna golaý un öndürilip, sarp edijilere ugradyldy. Şunda öndürilen unuň agramly böleginiň ýokary we birinji hillidigini aýratyn bellemelidiris. Önümçiligi bökdençsiz alyp barmak üçin birleşikde döwrebap mümkinçilikleriň ählisi bar.Esasy önümden başga-da, bu ýerde ýylyň başyndan bäri ýarmanyň 650, kepegiň bolsa 8,5 müň tonnasy öndürildi. Birleşikde şalyny gaýtadan işlemegiň hasabyna öndürilen tüwiniň mukdary 10,5 müň tonnadan geçdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň