Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň halkara maddy däl medeni mirasynyň gününi belleýär

15:0017.10.2024
0
19022

17-nji oktýabrda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Halkara maddy däl medeni mirasynyň gününi bellemäge goşulyşdy. Bu waka ÝUNESKO bilen 31 ýyl bäri işjeň hyzmatdaşlyk edip gelýän ýurt üçin aýratyn ähmiýete eýedir.

Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustyndan bäri ÝUNESKO-nyň doly agzasydyr. Şondan bäri biziň ýurdumyz öz medeni mirasyny gorap saklamakda we ony halkara derejesinde wagyz etmekde möhüm üstünlikleri gazandy. 2011-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Konwensiýasyna goşuldy. Bu Konwensiýa 2003-nji ýylda kabul edilipdi.

Bu ugurda milli kanunçylyk binýadyny berkitmek üçin 2015-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň «Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda» kanuny kabul edildi. Bu biziň ýurdumyza ýaşaýyş-durmuş mirasyny gorap saklamak boýunça halkara tagallalaryna has netijeli gatnaşmaga mümkinçilik berdi.

Bu halkara baýramçylygynyň her ýyl ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň dilleri» kluby tarapyndan Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda bellenilýändigini bellemelidiris. Bu klub medeni däp-dessurlary gorap saklamagyň ähmiýeti baradaky habarlardyr maglumatlary ýaýratmaklyga gönükdirilen dürli çäreleri guraýar.

Bu şanly baýramçylygyň çäklerinde dürli äheňdäki sergiler we duşuşyklar geçirilýär, ol ýerde däp bolan halk aýdymlary, halk tanslary ýaly eýýäm ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen türkmen medeniýetiniň düzüm böleklerine aýratyn üns berilýär.

Bu medeni çäreler türkmeniň milli jemgyýetine mahsus bolan gymmatlyklaryň aýrylmaz bölegi hökmünde maddy däl medeni mirasyň ähmiýetini we medeni dürlüligi we ýurduň durnukly ösüşini üpjün etmekde eýeleýän möhüm ornuny görkezýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň