Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri telekommunikasiýa pudagynda hyzmatdaşlyk ederler

12:3217.10.2024
0
10512

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymlaryndan ybarat wekiliýet RF-nyň Krasnoýarsk şäherine, M.F. Reşetnýow adyndaky Sibir döwlet ylym we tehnologiýa uniwersitetine sapar bilen bardylar.

THP maglumatyna görä, uniwersitet aerokosmos pudagy boýunça hünärmenleri taýýarlaýar, hut şol sebäpden hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň saparynyň maksady bu uniwersitetde alnyp barylýan bilim işini öwrenmek we telekommunikasiýa we hemra aragatnaşygy boýunça bilelikdäki ylmy gözlegler, şeýle hem bilimiň hilini ýokarlandyrmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Saparyň dowamynda mugallymlar we kafedralaryň müdirleri bilen duşuşyklar geçirildi, häzirki ylmy gözlegler, şol sanda kiçi kosmos gämilerine degişli taslamalar we okuw sapaklarynda VR we AR tehnologiýalaryny ulanmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Habarda bellenilişi ýaly, bu duşuşyklar geljek ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmeklige itergi berjek tejribe alyşmaklyga ýardam etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň