Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gowakdan çykan hindi gojasynyň 188 ýaşlydygy köpleri ynandyrmady

17:3315.10.2024
0
6037
Gowakdan çykan hindi gojasynyň 188 ýaşlydygy köpleri ynandyrmady
Surat: rg.ru

Öň internetde iki erkek kişiniň egni çyplaň, küýkerip ýöreýän gojany idip barýandyklarynyň wideosy ýerleşdiripdi, şonda onuň gowakdan tapylandygy aýdylýardy.

«Onuň 188 ýaş bar diýýärler, ynanar ýaly däl» diýlip, wideoşekiliň beýanynda aýdylýardy.

Emma «CNN-News18» teleýaýlymynyň habaryna görä, hakykatda gojanyň ýaşy 109 ýa-da 110 ýyl bolmaly.

Žurnalistler wideodaky adamyň Mumbaýda doglan Siýaram Baba atly terkidünýädigini aýdýarlar. Ol induist ruhanysy bilen duşuşandan soňra Gimalaýlara zyýarata gidipdir.

Bu barada «rg.ru» habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň