Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragynyň eýeleri belli boldy

14:1415.10.2024
0
6032
Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragynyň eýeleri belli boldy
Surat: mir24.tv

Şwesiýanyň Döwlet bankynyň Alfred Nobeliň hormatyna esaslandyran baýragynyň ykdysadyýet ylymlary boýunça nobatdaky eýeleri yglan edildi. Baýrak Daron Ajemoglu, Saýmon Jonson we Jeýms Robinson atly alymlara «institutlaryň kemala gelşi we umumy abadançylyga täsiri» baradaky ylmy-barlaglary üçin gowşuryldy.

Şwesiýanyň banky baýragy özüniň 300 ýylygynyň hormatyna 1968-nji ýylda döretdi.

Geçen hepdede Nobeliň geňeşi fizika, lukmançylyk, himiýa we edebiýat ugurlary boýunça baýragyň eýelerini yglan etdi.

Bu barada «MIR 24» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň