Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

17:2715.10.2024
0
12347
Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň işiniň netijeliligini bellediler we hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar Aşgabatda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň üstünlikli geçirilmegine ünsi çekdiler. Şu nukdaýnazardan, medeniýet, sungat, ylym we bilim pudaklarynda özara gatnaşyklary has hem giňeltmek mümkinçilikleri barada pikir alyşyldy.

Duşuşykda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäreler bilen bir hatarda Arkadag şäherinde geçirilen we işjeň türkmen-awstriýa döredijilik gatnaşyklarynyň aýdyň nyşanyna öwrülen VI Wena balynyň ähmiýetini nygtadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň