Top.Mail.Ru

Arhiw

15-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

16:4115.10.2024
0
11279

Türkmenistanyň Prezidenti pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy, Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi, Aşgabatda Hökümetara türkmen-täjik toparynyň 13-nji mejlisi geçiriler we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurduň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler we Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Prezident ýygym möwsümini gysga wagtda tamamlamak üçin pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy. Wise-premýer T.Atahallyýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berip, pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak we oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanmak boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

2. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň meseleleri ara alyp maslahatlaşdy we beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň jemi jemlendi. Özbegistanyň Prezidenti foruma gatnaşmak barada çakylyk hem-de «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanandygy üçin hoşallyk sözlerini aýtdy hem-de halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde şahyryň döredijiliginiň ähmiýetini nygtady.

3. 16-njy oktýabrda Aşgabatda Hökümetara türkmen-täjik toparynyň söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça 13-nji mejlisi geçiriler. Duşuşykda söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy, energetika, suw serişdeleri, oba hojalyk toplumynda, ulag we logistikada, şeýle hem bilim, ylym, lukmançylyk, medeniýet we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegi ýaly giň gerimli meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

4. Türkmenistanyň Gresiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Toýly Kömekow Prezident Katerina Sakellaropuluwa ynanç hatyny gowşurdy. Ynanç hatyny gowşurmak dabarasy Afinydaky Prezident köşgünde geçirildi. Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

5. Aşgabatda Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi. Oňa gatnaşyjylar ýurtlaryň arasynda netijeli dialogy we özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolan parlamentara hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

6. Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan Türkmenistanyň paýtagtyna iş saparynyň çäklerinde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna baryp gördi we bu ýerde ýerleşýän ermeni şahyry Saýat Nowanyň ýadygärligine gül dessesini goýdy. Saparynyň dowamynda Ermenistanyň Prezidenti Türkmen halysynyň milli muzeýine hem baryp gördi we 8000 eksponaty öz içine alýan baý ýygyndy bilen tanyşdy. Açaryň ululygyndaky iň kiçi haly we Ginnesiň rekordlar kitabynda orun alan meýdany 301 inedördül metr bolan iň uly haly ýaly özboluşly nusgalara aýratyn üns çekildi.

7. A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň döredijilik topary Balkan welaýatyna sapary üstünlikli geçdi. Saparyň çäklerinde teatr Hazar şäherçesinde ilkinji gezek çykyş etdiler. Üç günüň dowamynda Hazarda «Üç jojuk we çal möjek» atly meşhur çagalar ertekisi we «Uýalar» atly drama eseri görkezildi. Bu ýerdäki mekdepler we çagalar baglary çykyşlar üçin özboluşly meýdança öwrüldi. Aýdym-sazly, tansly we gülküli sahnaly «Söýgi ylhamy» atly konsert aýratyn gyzyklanma döretdi.

Dünýäde

8. Dallasda «Tagt oýunlary» atly meşhur seriala bagyşlanan giň gerimli bäsleşikli söwda (auksion) geçirildi. Çäräni «Heritage» auksion öýi gurady, ol serialdan asyl harytlar bilen 900-den gowrak lot hödürledi. Auksionyň esasy wakasy Ýedi Patyşalyga hökümdarlyk etmegiň nyşany bolan Demir tagtyň satuwy boldy. Alty minutlyk söwdadan soň, tagtyň plastikden ýasalan, gymmat bahaly daşlar we metal boýag bilen örtülen nusgasy täsirli 1,49 million dollara satyldy. Bu serialda ulanylan asyl tagtyň soňky bölümde ýok edilendigini bellemek gerek.

Sport täzelikleri

9. Futzal boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýa Kubogy ugrunda zenanlaryň arasyndaky saýlama ýaryşyň bije çekişliginden öň ikinji sebede düşdi. Türkmenistanly zenan futzalçylaryň toparçadaky garşydaşlary 17-nji oktýabrda mälim bolar. Saýlama tapgyryň duşuşyklary 11 – 19-njy ýanwar aralygynda geçiriler. Toparçalarda birinji we ikinji orny eýelän dokuz topar, şeýle hem üçünji orny eýelän iň gowy topar 2025-nji ýylyň maý aýynda Hytaýda geçiriljek final tapgyryna çykar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň