Marokkonyň iri jahankeşdelik merkezi bolan Marrakeşe güýçli çabga düşdi we şäheriň mähelleleriniň birnäçesini gark etdi diýip, TASS habar berdi.
Iň ejir çeken etraplar Targa we Mhamid bolup, ötüklerde ulaglar gark boldy. Pida bolanlar ýok.
Ýerli häkimiýetler ejir çeken etraplara halas ediş gulluklaryny iberdi, olar sil joşmalaryň netijelerini aradan aýyrýarlar we hereketi ýola goýmaga kömek edýärler.
Çabga suwlary Marrakeş-Menara halkara howa menziline hem aralaşdy, Londona, Stambula, Barselona we Madride uçar gatnawlary togtadyldy.