Top.Mail.Ru

Karl III Awstraliýanyň özbaşdaklygyna garşy bolmajakdygyny söz berdi

11:4514.10.2024
0
10001
Karl III Awstraliýanyň özbaşdaklygyna garşy bolmajakdygyny söz berdi
Surat: ria.ru

Beýik Britaniýanyň Patyşasy Karl III eger Awstraliýa monarhiýany ýatyryp, öz ornuna döwlet Baştutanyny saýlasa, goşulmajakdygyny söz berdi diýip, «lbc.co.uk» portaly ýazýar.

Şu hepdede Patyşa Karl III Okeaniýa ýurtlaryna sapar bilen barar. Onuň ýanynda Şa aýal Kamilla hem bolar. Patyşa sekiz günlük saparynyň dowamynda Awstraliýadan başga-da Samoa adasyna barar we ol ýerde geçjek Britan Arkalaşygy ýurtlarynyň Hökümet başlyklarynyň duşuşygyna gatnaşar.

Awstraliýanyň respublikan hereketi Patyşanyň saparynyň öňüsyrasynda Bukingem köşgüne duşuşyk barada haýyş bilen hat ýollady. 1999-njy ýylda Awstraliýada raýatlaryň arasynda monarhiýany ýatyrmak barada sala salşyk geçirildi. Onda raýatlaryň 55 göterimi garşy ses berdiler.

Emma soňky ýyllarda bu mesele ýene-de ýörgünli bolup başlady. Respublikaçylar Ýelizaweta II ornuna Karl III tagta çykandan soňra awstraliýalylar üçin öz döwlet Baştutanyny bellemegi üçin amatly pursadyň gelendigini nygtaýarlar. Bu barada «rg.ru» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň