Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Zyýat Hil» bölekleýin süýjülikleriň giň assortimentini hödürleýär

12:1612.10.2024
0
26859

«Zyýat Hil» konditer önümleri dükanlary süýjülikleriniň köpdürlüligi we hili bilen müşderilerini yzygiderli begendirýär. Aýratyn-da, bu ýerde menýuda hödürlenen böleklere bölünen süýjülikleriň giň assortimenti meşhurdyr.

Her süýjülik — bu konditerlik sungatynyň ajaýyp eseridir. Klassiki eklerlerden başlap, original awtorlyk tagamlara çenli özboluşly tagamy bilen tapawutlanýar. Näzik kremleriň, ter ir-iýmişleriň hem-de biskwitleriň ajaýyp sazlaşygy hiç kimi biperwaý goýmasa gerek.

«Zyýat Hiliň» bölekleýin süýjülikleriniň näme aýratynlygy bar:

- täze. Ähli süýjülikler her gün tebigy goşundylardan taýýarlanylýar.

- köpdürli görnüşleri. Menýunyň yzygiderli täzelenmegi hemişe täze tagam sazlaşyklaryny tapmaga mümkinçilik berýär.

- dizaýn. Her süýjülik — bu diňe bir şirin tagam bolman, eýsem estetiki lezzet paýlaýar.

- amatlylyk. Bölekleýin süýjülikler dostlaryňyz bilen çaý içmek hem-de baýramçylyk stoly ýaly islendik pursatlar üçin laýyk gelýär.

«Zyýat Hil» dükanlarynyň 150 manatdan az bolmadyk möçberde süýjülik sargyt eden müşderilere Aşgabat şäheriniň we Gökdepe etrabynyň çägine mugt eltip bermek hyzmatyny ýetirýändigini ýatladýarys.

Habarlaşmak üçin:

  • Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254-nji jaý, telefon belgileri: (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;
  • Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi, telefon belgileri: (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;
  • Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3-nji jaý, 1-nji gat, telefon belgileri: (+993 12) 97 95 06; (+993 62) 02 13 63.

Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň