Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Zyýat Hilde» çagalaryň doglan günleri üçin ýatdan çykmajak doglan gün torty taýýarlanylýar

11:2105.10.2024
0
12283

«Zyýat Hil» konditer dükanlary zynjyry islendik çagalar baýramçylygynyň ajaýyp bezegine öwrüljek özboluşly tort taýýarlamak hyzmatyny hödürleýär. Çaga üçin doglan gününiň näderejede möhümdigini göz öňünde tutmak bilen, «Zyýat Hiliň» konditerleri baýramçylyk tortlarynyň diňe bir tagamyna däl, eýsem, bezegine-de aýratyn üns berýärler.

«Zyýat Hiliň» hödürleýän tortlarynyň görnüşleri köpdürlüligi bilen haýran galdyrýar: bu ýerde halanýan ertekileriň gahrymanlary, multfilmleriň gahrymanlary we owadan bezegler bilen bezelen tortlary tapyp bilersiňiz. Şol bir wagtyň özünde, konditerler diňe täze we ýokary hilli önümleri ulanmak bilen, esasy zady – ajaýyp tagamy üpjün etmegi ýatdan çykarmaýarlar.

Iň talapkär körpeje myhmanlary hem begendirmek üçin «Zyýat Hil» tort tagamlarynyň köp sanly görnüşlerini hödürleýär. Munuň özi çagalar baýramçylygynyň hakyky bezegine öwrüljek we ýygnananlaryň hemmesini begendirjek ajaýyp torty taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

«Zyýat Hil» 150 manatdan başlaýan bahadan sargyt edilende Aşgabadyň içine we Gökdepe etrabyna mugt eltip bermek hyzmatynyň hödürlenýändigini ýatladýar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254, habarlaşmak üçin telefonlar (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;
  • Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi, telefonlar (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;
  • Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3, 1-nji gat, telefonlar (+993 12) 97 95 06 (+993 62) 02 13 63.

Sosial ulgamdaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň