Top.Mail.Ru

Arhiw

«Çydamly Haryt» HK-sy türkmenistanlylary Aşgabatdaky santehnika harytlarynyň dükanynyň açylyşyna çagyrýar

16:4311.10.2024
0
23170

Aşgabatda täze ýöriteleşdirilen santehnika harytlarynyň dükanynyň açylyşyna taýýarlyk görülýär, ol wanna otagynyň hil we stil taýdan bezelişini bilýänler üçin hakyky sowgat boljakdygyny wada berýär. «Çydamly Haryt» hususy kärhanasy ähli isleg bildirenleri öz dükanynyň 12-nji oktýabrda boljak açylyş dabarasyna çagyrýar.

Täze dükan G. Kulyýew köçesindäki «Rysgal» binasynyň birinji gatynda, şäheriň işewürlik böleginiň merkezinde ýerleşýär. Dükanyň amatly ýerde ýerleşmegi müşderilere şahsy we jemgyýetçilik ulaglary bilen bu ýere aňsatlyk bilen baryp bilmegini mümkinçilik döredýär.

Dünýäniň öňdebaryjy brendleriniň önümlerini öz içine alýan dükanyň dürli görnüşli harytlara baý bolmagy aýratyn buýsandyryjydyr: siz biziň dükanymyzdan ECA, MAKTEK, Hammam, Hüppe we beýleki ady belli kompaniýalaryň harytlaryny satyn alyp bilersiňiz. Bularyň önümleri deňi-taýy bolmadyk hili, innowasion dizaýnlary we uzak wagtyň dowamynda ulanmaklygyň kepillendirmesi bilen tanalýarlar.

Ýarym asyrdan gowrak taryhy bolan türk brendi bolan ECA ýyly-sowuk suw garyjy kranlardan başlap duş ulgamlaryna çenli kaşaňlygy we dürli işleýiş aýratynlyklaryny utgaşdyrýan santehnika önümleriniň köp görnüşini hödürleýär. Aslynda Türkiýäniň MAKTEK kompaniýasy häzirki zaman dizaýny we ygtybarlylygy bilen häsiýetlendirilen ýokary hilli wannalary we duş kabinalaryny öndürmekde ýöriteleşendir.

Hammam kompaniýasy Türkiýäniň hammam däplerinden ylham almak bilen, siziň öýüňizde kaşaň spa gurşawyny döretmek üçin harytlarynyň birnäçe görnüşlerini hödürleýär. Nemesleriň Hüppe brendi bolsa minimalizme ýykgyn edýän dizaýny we ajaýyp hili bilen meşhur bolan innowasion duş traplary bilen müşderileri begendirer.

«Biz öz dükanymyz üçin her brendi we her bir önümi üns bilen saýlap aldyk — diýip, «Çydamly Haryt» hususy kärhanasynyň wekili gürrüň berýär. — Biziň maksadymyz – Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryna köp ýyllaryň dowamynda hyzmat etjek we islendik öýüň bezegi boljak iň ýokary hilli santehnika enjamlary hödürlemekdir».

Dükanda müşderiler üçin amatly bolar ýaly harytlary we gerekli önümleri saýlamaga kömek etmäge we ähli döräp biljek soraglara jogap bermäge taýyn bolan tejribeli maslahatçy-hünärmenler işlärler.

Dükanyň eýeleri olaryň önümleriniň öýleriniň abatlaýyş işlerine başlanlar üçin, şeýle-de öýleriň içki bezegi bilen iş salyşýan dizaýnerler üçin ajaýyp saýlap alyş boljakdygyna ynanýarlar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • salgysy: G. Kulyýew köç., Rysgal binasy, 1 gat;
  • telefon: 19 69 19;
  • dükanyň sosial torlardaky sahypasy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň