Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Putin halkara foruma gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi

05:4111.10.2024
0
16454

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Bu barada HHM habar berýär.

Rus Lideri Aşgabatda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma gatnaşar.

Rus Lideriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmagy meýilleşdirilýär. Şeýle-de saparyň dowamynda Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen gepleşikleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti mundan ozal 2022-nji ýylyň iýun aýynda Aşgabatda bolupdy. Ol altynjy Hazar sammitine gatnaşypdy.

Ozal habar berşimiz ýaly, Ermenistanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Mongoliýanyň we Pakistanyň Prezidentleri hem halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada geldiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň