Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mongoliýanyň Prezidenti Türkmenistana ilkinji döwlet saparyny amala aşyrýar

22:4510.10.2024
0
11264
Mongoliýanyň Prezidenti Türkmenistana ilkinji döwlet saparyny amala aşyrýar
Surat: president.mn

Şu gün Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh Türkmenistanyň Prezidentiniň çakylygy boýunça Aşgabada döwlet sapary bilen geldi. Belent mertebeli myhmany Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew we beýleki resmi adamlar türkmen myhmansöýerliginiň däpleri esasynda garşy aldylar.

Mongoliýanyň Prezidentiniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu döwlet sapary 1992-nji ýylda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýlaly bäri, iň ýokary derejedäki ilkinji sapardyr.

Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhyň Aşgabada bu sapary Mongoliýanyň Türkmenistan we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we ykdysady hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak babatda möhüm ähmiýete eýe bolar.

Bellenilişi ýaly, saparyň dowamynda ýokary derejeli ikitaraplaýyn gepleşikler geçiriler we birnäçe resminamalara gol çekiler. Şeýle-de mongoliýaly wekiliýet ertir Aşgabatda geçirilýän Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ««Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň