Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

10-njy oktýabrda Aşgabatda gazak şahyry Abaý Kunanbaýewiň ýadygärligi açylar

17:4708.10.2024
0
10443

10-njy oktýabrda Aşgabat şäherindäki «Laçyn» seýilgähinde gazak şahyry Abaý Kunanbaýewiň ýadygärliginiň açylyş dabarasy geçiriler. Bu barada «Kazinform» habar berýär.

Açylyş dabarasy A.Nyýazow bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçeleriniň çatrygynda ýerli intelligensiýanyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleriniň, döredijilik işgärleriniň, gazak diasporasynyň, alymlaryň we ýazyjylaryň gatnaşmagynda geçiriler.

Ýadygärligiň açylyş dabarasy düýn başlanan Gazagystanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäginde bolup geçer. Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary eýýäm gazak kinosy, aýdym-saz sungaty we halk däp-dessurlary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Medeni alyş-çalyş maksatnamasy Gazak hanlygynyň gülläp ösen döwrüni gürrüň berýän A.Sataýewiň režissýorlyk etmeginde düşürilen «Uly sähranyň daňy» atly taryhy filmiň görkezilmegi bilen başlandy.

Medeniýet günleriniň iň esasy wakalarynyň biri 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriljek Gazagystanyň sungat ussatlarynyň gala konserti bolar. Konsertde goňşy ýurduň meşhur sungat ussatlary çykyş ederler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň