7-nji oktýabrda BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili Wepa Hajiýew Halkara parahatçylygy döretmek guramasynyň prezidenti Itonde Kakoma bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda taraplaryň arasyndaky mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň ýollary barada pikir alşyldy.
Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasynyň habar bermegine görä, taraplar parahatçylygy goramak babatda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de parahatçylyk başlangyçlaryny öňe sürmekde, gapma-garşylyklaryň öňüni almakda bilelikdäki tagallalaryň möhümdigini bellediler hem-de parahatçylygy goraýyş çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny mälim etdiler.
Hususan-da, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasyna öwrülen bitaraplyk ýörelgesine aýratyn üns berildi.
Itonde Kakoma ählumumy howpsuzlygy we durnukylygy berkitmek üçin bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetine ünsi çekdi we Türkmenistanyň sebitdäki tagallalaryny goldady.
Taraplar gepleşikleriň üstünlikli dowam etdiriljekdigine we hyzmatdaşlygyň has-da ösdüriljekdigine ynam bildirdiler diýlip, çeşmede bellenilýär.