Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan jenap Sigeru Isiba Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine girişmegi mynasybetli gutlaglaryny iberdi.
TDH-nyň beýan edişi ýaly, döwlet Baştutany gutlag hatynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky özara düşünişmek, deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalar arkaly iki halkyň röwşen geljeginiň hatyrasyna mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezident mümkinçilikden peýdalanyp, Premýer-ministr Sigeru Isiba tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Ýaponiýanyň gülläp ösmegine gönükdirilen başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.
Şeýle-de okaň: