Top.Mail.Ru

Sigure Isiba Ýaponiýanyň täze Hökümet başlygy boldy

12:4102.10.2024
0
5058
Sigure Isiba Ýaponiýanyň täze Hökümet başlygy boldy
Surat: interfax.ru

Ýaponiýanyň dolandyryjy Liberal-demokratik partiýasynyň (LDP) täze başlygy Sigure Isiba parlamentiň aşaky palatasynyň nobatdan daşary ýygnagynda ýurduň 102-nji Premýer-ministri wezipesine saýlandy. Bu barada «Kyodo» habarlar gullugy habar berdi diýip, «INTERFAX.RU» ýazýar.

Ýaponiýanyň Patyşasy Naruhito Tokiodaky Imperator köşgünde ony täze wezipede tassyklady. Şeýle hem şol gün öňki Hökümet başlygy Fumio Kisidanyň hökümeti doly düzümde işden gitdi.

Isiba goranmak syýasaty boýunça bilermen hasaplanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň