Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

2-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

13:3302.10.2024
0
12748

Türkmenistanda HHR-niň jar edilmeginiň 75 ýyllygy bellenildi, Aşgabatdaky haýwanat bagyna Russiýadan goňur aýy getirildi, Ermenistan Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýär we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Aşgabatda Hytaý Halk Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 75 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. HHR-niň Türkmenistandaky ilçisi gutlag sözi bilen çykyş edip, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllynda gazanan ajaýyp üstünliklerini belläp geçdi. Diplomat ýurduň sebitleýin we ählumumy howpsuzlygy üpjün etmekde ornunyň barha berkeýändigine ünsi çekdi.

2. Türkmenistanyň Janly tebigatynyň milli muzeýinde ýaş goňur aýy hemişelik mekan tutundy. Ol bu ýere golaýda Moskwanyň haýwanat bagynyň düzüm bölüminden – Wolokolamsk seýrek ýabany haýwanlary köpeltmek merkezinden getirildi. Aýy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Ýewropa-Aziýa haýwanat baglary we akwariumlar assosiasiýasy tarapyndan Aşgabadyň haýwanat bagyna sowgat berildi.

3. Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan türkmen kärdeşi Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Haçaturýan hatynda: «Ermenistan Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara hormat goýýar hem-de olaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna uly gyzyklanma bildirýär» diýip belledi. Şeýle hem gutlag hatynda Prezident Serdar Berdimuhamedowa Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli onuň ozal iberen mähirli gutlaglary üçin hoşallyk beýan edilýär.

4. Ženewa şäherinde geçirilen «Geljegiň şäherleri» atly şäher häkimleriniň sammitinde Türkmenistanyň wekiliýeti möhüm iki ugur boýunça: suw baýlyklaryny dolandyrmak we şäherli ýaşlaryň ösüşi boýunça halkara dialogyny başlatmagy teklip etdi. Hususan-da, türkmen tarapyna wekilçilik eden Awaza etrabynyň häkimi Döwlet Jumaýew BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň howandarlygynda suw baýlyklaryny dolandyrmak boýunça täze hukuk guralyny döretmek, şeýle hem Arkadag şäherinde ýaşlaryň halkara duşuşygyny geçirmek teklibini beýan etdi.

5. Türkmen žurnalistleri Türkiýäniň Izmir şäherine medeni-syýahatçylyk saparyny amala aşyrdylar. Saparyň birinji gününde türkmen žurnalistleri Alaçaty sebitine baryp gördüler we bu ýeriň gözel künjekleri, şol sanda 150 ýyl mundan ozal gurlan gadymy ýel degirmeni bilen tanyşdylar. Saparyň ikinji güni türkmen wekiliýeti Izmiriň merkezinden 35 km uzaklykda ýerleşýän Urla ady bilen belli bolan taryhy sebite bardy. Türkmen žurnalistleri haly, dokma, agaç we keramika önümleriniň ýerli dükanlaryna bardylar we senetçileriň ussahanalarynda şol täsin hem ajaýyp önümleriň taýýarlanyşy bilen tanyşdylar. Aýratyn-da XIV asyrda bina edilen Fatih Ybraýym Beý metjidi syýahatçylarda örän uly täsir galdyrdy. Bu gadymy metjit asyl görnüşinde diýen ýaly saklanyp galypdyr. Wekiliýet ýakyn günlerde sebitiň taryhyny has çuňňur öwrenmek üçin zeýtun ýagynyň muzeýine, gadymy Efes şäherine we arheologiki muzeýe baryp görmegi meýilleşdirýär.

6. Türkmen wekiliýetiniň ABŞ-na saparynyň çäklerinde Döwlet departamentinde duşuşyk geçirildi. Onda bilim pudagyndaky strategiki hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapyna bilim ministriniň orunbasary, Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi, şeýle hem ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary wekilçilik etdi. Iki ýurduň arasyndaky bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmek ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy mowzugy boldy. Akademiki alyş-çalyşlar üçin täze formatlaryň işlenip düzülmegine we Türkmenistanda amerikan ýokary okuw mekdepleriniň şahamçalaryny döretmek mümkinçiligine aýratyn üns çekildi.

Dünýäde

7. Dogry iýmitlenmek ýürek-damar kesellerini bejermekde möhüm ähmiýete eýedir, esasanam süýji keseliniň döremek töwekgelçiligini göz öňünde tutmak gerek. Bilermenleriň bellemeklerine görä, ýürek keseli bolan adamlar gaýtadan işlenen eti, arassalanan däneli ösümlikleri we uglewodlary, şeýle hem şekerli gazlandyrylan içgileri, miwe şirelerini, doňdurmalary we çipsileri sarp etmegi ep-esli mukdarda çäklendirmelidirler.

8. 90-njy ýyllaryň gözellik nyşany Pamela Anderson 57 ýaşynda «Glamour» žurnaly tarapyndan «Ýylyň zenany» hökmünde saýlandy. Aktrisa tebigy gözelligini görkezip, täze neşiriň birnäçe sanly nusgasynyň daşky sahabynda peýda boldy. Surata düşmek üçin Andersonyň özi wizažist hökmünde çykyş etdi, diňe käwagt hünärmen Linda Gradiniň kömegine ýüz tutdy. Ýyldyz saçynyň bezegini hem özbaşdak döretdi. Suratlaryň köpüsinde Pamela kosmetikasyz diýen ýaly peýda boldy, onuň diňe kirpiklerine sürme çalnandy.

Sport habarlary

9. Iordaniýadan eminler topary AFK-2 Çempionlar ligasynyň ikinji tapgyrynda «Altyn Asyr» türkmen kluby bilen Bahreýniň «Al-Haldiýa» toparynyň arasyndaky duşuşyga eminlik ederler. Duşuşyk şu gün «Aşgabat» stadionynda geçiriler we ýerli wagt bilen 19:00-da başlar. Oýundan bir gün öň iki toparyň wekilleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda metbugat maslahaty geçirildi. Onda garşydaşlar geçiriljek oýundan garaşýan zatlary barada gürrüň berdiler.
«Altyn Asyr» toparynyň baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew toparyň ýagdaýy we oýna taýýarlyk barada gürrüň berdi. Ol uly bolmadyk şikes alan goragçy Serdar Annaorazowdan başga ähli oýunçylaryň ýagdaýynyň gowudygyny we oýnamaga taýýardygyny aýtdy.

10. Türkmen türgenleri Daşkentde tamamlanan ýaşlaryň arasynda kikboksing boýunça dünýä Kubogynda 7 altyn we 5 bürünç medal gazandylar. Bütindünýä kikboksçylar guramalarynyň assosiasiýasynyň howandarlygynda geçirilen bu bäsleşige 40-dan gowrak ýurtdan 2000-den gowrak türgen gatnaşdy. Ýaryş ringde we tatamide kikboksyň dürli görnüşlerini, şol sanda «full-kontakt», «lou-kik», «kik-laýt» we K-1 ýaly ýedi ugur boýunça bäsleşikleri öz içine aldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň