Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň Çempionlar ligasy 2: «Altyn asyr» — «Al-Haldiýa» oýnuna iordaniýaly referi eminlik eder

12:1802.10.2024
0
8002

AFK-nyň Çempionlar ligasy 2 ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji aýlawyndan orun alan «Altyn asyr» — «Al-Haldiýa» oýnuna 39 ýaşly Ahmad Ibragimiň ýolbaşçylygyndaky iordaniýaly eminler topary bellenildi. Duşuşyk 2-nji oktýabrda «Aşgabat» sadionynda geçiriler. Oýun ýerli wagt bilen sagat 19:00-da başlanar.

Duşuşykda baş emine Kaýs Hamis we Hamza Abuobid gapdal eminleri hökmünde ýardam ederler. Ätiýaçdaky eminiň weizpesini Mohammad Arafa ýerine ýetirer.

Oýundan bir gün öň iki toparyň wekilleriniň gatnaşmagynda metbugat ýygnagy geçirildi. Onda toparlaryň baş tälimçileri we oýunçylary öňde duran oýun barada öz pikirlerini paýlaşdylar. Bu çäre žurnalistlere we janköýerlere toparlaryň taýýarlygy hem-de oýna bolan garaýyşlary barada goşmaça maglumat almaga mümkinçilik berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň