Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Harby gullukçylara döwlet sylaglary gowşuryldy

09:2130.09.2024
0
7297

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken degişli Permanlaryna laýyklykda, 28-nji sentýabrda harby gullukçylara döwlet sylaglaryny gowşurmak, olara harby we ýörite atlary dakmak, hünär derejelerini bermek dabarasy geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, mukaddes harby kasama laýyklykda ak ýürekden gulluk borçlaryny berjaý edýändikleri üçin döwlet sylaglaryna, harby we ýörite atlara hem-de hünär derejelerine mynasyp bolanlar Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa ýokary sylaglar üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, geljekde-de öňlerinde goýlan wezipeleri ýerine ýetirjekdiklerine, Watana wepaly gulluk etmegiň, pederleriň şöhratly ýoluna belent sarpa goýmagyň, watançylygyň, edermenligiň nusgasyny görkezjekdiklerine ynandyrdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň