Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti “John Deere” kompaniýasynyň wekilini kabul etdi

09:1830.09.2024
0
4952

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk şanly senesi mynasybetli baýramçylyk at çapyşygynyň geçirilýän pursatlarynda, 28-nji sentýabrda “John Deere” kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy Çaba Leýkony kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Ç.Leýko wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady. Ol türkmen toýlarynyň gerimine, halkyň agzybirlikde dabaralandyrýan pursatlaryna haýran galandygyny belledi.

Myhman öz wekilçilik edýän kompaniýasynyň Türkmenistan bilen 30 ýylyň dowamynda hyzmatdaşlyk edýändigini buýsanç bilen nygtap, Türkmenistanda daşary ýurt kompaniýalarynyň netijeli işlemekleri babatda degişli kanunçylyk binýadynyň, giň mümkinçilikleriň döredilendigi üçin hoşallyk bildirdi.

Döwlet Baştutany gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, myhmany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde myhmansöýer türkmen topragynda görýändigine örän şatdygyny aýtdy.

Duşuşykda geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçiligi barada pikir alyşmalaryň barşynda oba hojalygynyň milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biridigi bellenildi. Şunda “John Deere” kompaniýasynyň Türkmenistanyň ygtybarly we uzak möhletleýin hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygy aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, ýurtda oba hojalygy pudagynda amala aşyrylýan taslamalara ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmelere, innowasion tehnologiýalaryň, ykdysady netijeliligi ýokary bolan çözgütleriň ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýändigini belledi.

“John Deere” kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy özlerine bildirilýän ýokary ynam üçin döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we myhman birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, netijeli hyzmatdaşlygyň geljekde hem giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň