Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Orazmuhammet Bäşimow: Çempionlary ýetişdirýän çempion

17:5128.09.2024
0
18922

Biz sport zalyna aýak basamyzda göräýmäge ümsümlik höküm sürýän ýaly bolsa-da, onuň aňry başyndan boks ellikleriniň halta urýan tutuk sesi eşidilip ugrady. Ol ses çempionyň ýüreginiň urşuny sazlaýan ýaly barha batlanýardy hem çaltlaşýardy. Bu ýerde, taýboks boýunça türkmen sportuna şöhrat getiren ýerde biziň meşhur boksçymyz Orazmuhammet Bäşimow başa-baş söweş sporty boýunça türgenlerimiziň täze neslini ýetişdirýär, olara diňe bir dürli tilsimleri däl-de, eýsem bir wagtlar özüni dünýä çempiony diýen ada getiren ýeňijiniň ruhuny hem siňdirýär.

Orazmuhammet Bäşimow — türkmen sportunyň janly rowaýaty diýsek, megerem ýalňyşmasak gerek. Ol Türkmenistanyň at gazanan sport ussady, kikboks boýunça 2001-nji ýylda dünýä çempiony, 2003-nji ýylda bolsa dünýä Kubogynyň çempiony. Ol ýaş boksçydan başlap, Türkmenistanyň Taýboks federasiýasynyň başlygyna çenli sport ýoluny geçdi. Onuň ýoly – bu ýadawsyz zähmetiň, sporta wepalylygyň, ýanbermez yhlasyň hem-de iň belent üstünliklere ýetmäge bolan tutanýerli islegiň taryhy ýoludyr.

Çempionyň ýoly

Bäşimow özüniň şanly sport ýoluna on üç ýaşly ýetginjek mahaly başlapdy. Ol 1986-njy ýylda uly doganlarynyň göreldesine eýerip, boks bilen meşgullanmagy ýüregine düwýär. Onuň zehini we tutanýerliligi tiz wagtda öz miwesini berýär: 1990-1991-nji ýyllarda boks boýunça milli we bütinsoýuz çempionatlaryň çempiony bolýar, 1991-nji ýylda bolsa «Dinamo» sport geňeşiniň çempiony diýen ady eýelemegi başarýar. 1995-nji ýylda ol ilkinji gezek halkara derejesinde ykrar edilýär. Türkiýede geçirilen «A» derejeli halkara çempionatynda ikinji orny eýeläp, Orazmuhammet 60 kilograma çenli agram derejesinde dünýäniň iň güýçli boksçylarynyň onlugyna girmegiň hötdesinden gelýär.
1999-njy ýylda Bäşimow kikboksda güýjüni synap görmek kararyna gelýär. Onuň bu gelen çözgüdi oňa bütin dünýäde meşhurlyk getirýär. Ol 2001-nji ýylda kikboks boýunça dünýä çempiony, 2003-nji ýylda bolsa dünýä Kubogynyň çempiony diýen ada eýe bolýar. Onuň gazanan baýrakly orunlarynyň sanawy juda täsirlidir: Irlandiýada, Awstriýada, Italiýada we ABŞ-da geçirilen dünýä çempionatlarynda dört gezek kümüş medal gazanýar, Gresiýada (iki gezek) we Fransiýada geçirilen dünýä çempionatlarynda üç gezek bürünç medala mynasyp bolýar.

Tälimçi hem halypa

Häzirki wagtda Orazmuhammet Bäşimow diňe bir Türkmenistanyň Taýboks federasiýasynyň başlygy bolmak bilen çäklenmän, eýsem işjeň tälimçi hökmünde her gün ýaş türgenler bilen yzygiderli işläp gelýär. Ol çempionlaryň täze neslini taýýarlaýan Aşgabadyň «Söweşjeň ellikler» sport klubyna ýolbaşçylyk edýär.
«Yhlasa – myrat» diýlişi ýaly, onuň sporta bolan yhlasy, ýaş türgenlere bolan ynamy öz miwesinem berýär. Türkmenistanda geçirilen Ýapyk we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda Bäşimowyň topary 11 medal: 2 altyn, 1 kümüş we 8 bürünç medal gazandy. Toparlaýyn ýaryşda türkmen türgenleri üçünji orny eýeledi — ýaş topar üçin bu diýseň täsirli netijedir. «Dogrymy aýtsam, Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görülýän döwürleri men asla öýde bolmadym. Men diňe öz oglanlarymyň ýanynda boldum» – diýip, Bäşimow gürrüň berýär.

Ýaş nesil barada alada

Bäşimowyň ýaş türgenlere edýän täsirine çakdanaşa baha bermezçe hem däl. «Türkmenportalyň» habarçysy ýakynda klubyň türgenleşik zalyna baryp, ýaş türgenler – doganlar Yslam we Selim Şamuhammedowlar bilen söhbetdeş boldy. Bu Aşgabadyň 27-nji orta mekdebiniň okuwçylary bolan ýaş türgenler taýboks hakda, şeýle hem Orazmuhammet Bäşimowyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan türgenleşikler barada höwes bilen gürrüň berdiler.
«Men bu ýerde geçirilýän türgenleşikleri halaýaryn, şonuň üçin hem sport bilen meşgullanmaga uly höwes bilen gelýärin» - diýip, doganlaryň ulusy Yslam Şamuhammedow öz täsirleri bilen paýlaşdy. «Men eýýäm birnäçe aý bäri türgenleşik geçýärin, belki men hem ýakyn geljekde halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, tälimçim ýaly ýeňiş gazanaryn hem Türkmenistany bütin dünýäde şöhratlandyryp bilerin diýip, umyt edýärin».
Yslamyň sözleri Orazmuhammet Bäşimowyň öz okuwçylarynda döredýän ýokary maksatlara bolan höwesini we islegini görkezýär. Olara diňe bir söweş tilsimleridir usullaryny öwretmek bilen çäklenmän, eýsem öz göreldesine eýerip, uly ýeňişleri gazanmak barada arzuw etmäge ruhlandyrýar.

Çempionyň filosofiýasy

Bäşimow türkmen ýaşlarynyň söweş sungatyna bolan zehininiň uçursyzdygyna we sportuň bu görnüşine höwesleriniň çäksizdigine pugta ynanýar. «Aslynda türkmen halky zehinli halk, türkmen ýigitlerem juda zehinlidir». «Meniň pikirimçe, özlerini goramak türkmen halkynyň ganynda bardyr. Bu uly artykmaçlyk, sportda bolsa has uly artykmaçlykdyr».
Emma zehin – diňe esas bolup durýar. Esasy zat, Bäşimowyň pikiriçe, — bu erjellik bilen zähmet çekmekdir. «Oglanlaryma näme aýdyp bilerin — köp türgenleşmeli, köp işlemeli. Entek ýaş wagtyň, öz üstüňde gaty köp işlemeli. Çagalar telefona güýmenip oturmaly däl-de, sözüň dogry manysynda gaty köp işlemeli, — diýip, ol ýaş türgenlere maslahat berýär.
Onuň öz tejribesi — bu sözleriň iň gowy tassyklamasydyr. « Men özüm türgenleşemde, şol bir urgyny müň gezek, bir ýarym müň, 2000 gezek urardym. Men şol bir urgyny şol bir ýagdaýda gaýtalap urardym, urardym, urardym – diýip, Bäşimow ýatlaýar.

Geljege nazar aýlap

Häzirki wagtda Orazmuhammet Bäşimowyň ýolbaşçylygynda 200-e golaý türgen Türkmenistanda taýboks bilen meşgullanýar. 2014-nji ýylyň dekabrynda döredilen bu sport guramasy işjeň ösýär hem örňeýär. Taýboks sport kluby indi ýurdumyzyň her welaýatynda hereket edýär.

Bäşimow geljege ruhubelentlik bilen garaýar we taýboksyň 2028-nji ýylyň Olimpiýa oýunlaryna goşmak baradaky pikiri goldaýandygyny aýdýar. «Eger goşulsa, men muňa diňe şat bolardym. Bu biziň sportumyzyň bu görnüşi üçin geljekde uly mümkinçilikleri açýar» - diýip, Orazmuhammet nygtaýar.

Orazmuhammet Bäşimow tejribesini we bilimini ýaş nesle geçirmek bilen, öz asylly işini dowam etdirýär. «Ata kesbi ogla halal» diýişleri ýaly, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ikinji ýyl talyby Ybraýym Bäşimow kakasynyň göreldesine eýerip, eýýäm taýboks boýunça Türkmenistanyň dört gezek çempiony boldy.

Orazmuhammet Bäşimow ýaş türgenleriň köpüsi üçin diňe bir tälimçi bolman, eýsem ikinji ata boldy. Onuň sporta bolan yhlasy, çekýän ýadawsyz zähmeti we ýokary üstünlikleri halkara derejesinde öz ýurduny şöhratlandyrmagy arzuw edýän ýüzlerçe ýaş türkmen türgeni üçin ylham göreldesi bolup hyzmat edýär.

Georgiý ASLANÝAN

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň