Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti 2024 – 2052-nji ýyllarda ýurtda ylmy ösdürmek boýunça strategiýany tassyklady

11:5825.09.2024
0
8797

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda 2024-nji ýyldan 2052-nji ýyla çenli döwürde ylmy ösdürmek boýunça strategiýany tassyklamak baradaky Permana gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.

Resminama täze taryhy döwürde ýurduň ylym ulgamyny ösdürmek, düýpli ylmy-nazary we ylmy-amaly barlaglary alyp barmak, öňdebaryjy tehnologiýalary döretmek, ylmyň gazananlaryny ykdysadyýetiň pudaklaryna ornaşdyrmak, geljegi uly önümçilikler babatda bilimiň, ylmyň, önümçiligiň we täjirçiligiň özara baglanyşygyny has-da ýokarlandyrmak, giň gözýetimli, täzeçil pikirlenip bilýän ýaş alymlaryň neslini kemala getirmek maksady bilen kabul edildi.

Bu resminama esasynda, Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy; Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Meýilnamasy tassyklanyldy.

Şeýle-de resminamada Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň Permanyň birinji böleginde görkezilen Strategiýada bellenilen çäreleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmelidigi bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň