Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan 2025-nji ýylda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli çäreleri geçirmäge taýýarlanýar

11:5425.09.2024
0
8696

Türkmenistanyň Prezidenti 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek boýunça çäreler hakynda Permana gol çekdi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, bu ýyl halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we parahatçylyk, ynanyşmak ýörelgelerini wagyz etmäge gönükdirilen dabaralardyr çäreler bilen bellener.

Döwlet Baştutanynyň gol çeken Permanyna laýyklykda:

1. Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, syýasy partiýalary we jemgyýetçilik guramalary 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek bilen bagly dabaralaryň hem-de çäreleriň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmeli.

2. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçiriljek dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça döwlet guramaçylyk toparyny döretmeli hem-de onuň düzümini tassyklamaly.

3. Türkmenistanyň Mejlisi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamynda Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine daýanýan daşary syýasatynyň hukuk esaslaryny berkitmek maksady bilen, degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamak meselelerine bellenilen tertipde seretmeli.

4. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk, hukuk we maliýe meseleleri bilen bagly çözgütleriň taýýarlanmagyny, kabul edilmegini, ýerine ýetirilmegini hem-de gözegçilikde saklanmagyny üpjün etmeli.

5. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara guramalar bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edip, 2025-nji ýylyň dowamynda halkara derejedäki çäreleriň toplumyny durmuşa geçirmek boýunça zerur işleri amala aşyrmaly.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň