Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyny dakmak hakynda Permana gol çekdi

11:3325.09.2024
0
14128

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyny dakmak hakynda Permana gol çekdi. Bu barada TDH habar berdi.

Permana laýyklykda, Türkmen döwlet maliýe institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Meretguly Öwlýägulyýewe,

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň ýaşaýjysy, pensioner Pirmuhammet Ymammuhammedowiç Hajylyýewe,

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň ýaşaýjysy, pensioner Aşir Çaryýarowa,

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň ýaşaýjysy, pensioner Muhammet Atamyradowa,

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň ýaşaýjysy, pensioner Atabaý Annaýewe,

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň ýaşaýjysy, pensioner Annadurdy Taganowa,

Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň ýaşaýjysy, pensioner Goçmyrat Orazgeldiýewe,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň Gaz toplaýyş we akdyryş müdirliginiň «Goturdepe» gaz gysyjy stansiýasynyň maşinisti Orazdurdy Ataýewiç Hallyýewe,

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesiniň ýaşaýjysy, pensioner Şyhy Şükürowa,

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Gurbanmyrat Kitjanowa,

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Goşahowly geňeşliginiň ýaşaýjysy, pensioner Durdy Otuzowiç Durdyýewe,

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Akgala geňeşliginiň ýaşaýjysy, pensioner Satgan Gurbanowa,

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Abadanlyk geňeşliginiň ýaşaýjysy, pensioner Bazarbaý Togsanowa,

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň ýaşaýjysy, pensioner Kalandar Hojiýewiç Ýuldaşewe,

Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Çekir geňeşliginden hususy atşynas Jumageldi Muhammedowiç Hoşwagtowa,

Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Hojalyk geňeşliginiň ýaşaýjysy, pensioner Batyrbaý Babajanowa,

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Adalat geňeşliginiň Arykperreň obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Baýrammyrat Berdimyradowiç Amanmyradowa,

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Mülkýusup geňeşliginiň Parahatlyk obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Berdi Kulyýewiç Şirowa,

Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň Türkmengala şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Jumamyrat Sahatowiç Muhammedowa Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen at dakyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň