Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Heýkeltaraş Saragt Babaýewe Türkmenistanyň Gahrymany ady berildi

00:1325.09.2024
0
11162

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Aşgabatdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Halk Maslahatynyň mejlisiniň barşynda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken degişli Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin suratkeş Saragt Babaýewe Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesi — «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent at dakyldy we oňa «Altyn Aý» altyn nyşany gowşuryldy.

Ussat heýkeltaraş Saragt Babaýew bu belent sylaga Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň we merdana türkmen halkynyň öňünde köp ýyllaryň dowamynda bitiren aýratyn gömükli hyzmatlary, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligini döredendigi, halypa-şägirtlik ýoluny mynasyp dowam etdirip, ýaş heýkeltaraşlary terbiýelemekde bitiren giň gerimli işleri, şekillendiriş sungatynda özboluşly heýkeltaraşlyk mekdebini kemala getirendigi, ýurduň heýkeltaraşlyk sungatyny ösdürmäge goşan uly şahsy goşandy, şeýle hem uzak ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we döredijilikli zähmeti bilen mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň