Top.Mail.Ru

Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň bitaraplyk hukugynyň ähmiýetini belledi

17:3424.09.2024
0
11215

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi.

Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy 2025-nji ýylda şanly senäni — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny halkara derejesinde giňden belläp geçiriljekdigini aýtdy. Bu barada TDH ýazýar.

«Bilşiňiz ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi» diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyz döwletiň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýäde hyzmatdaşlygy hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrmagy ählumumy wezipe hasaplanýandygy bellenildi.

«Bitaraplyk biziň parahatçylygy we hyzmatdaşlygy ündeýän, halklary dost-doganlyga hem-de agzybirlige çagyrýan, ynsanperwerligi wagyz edýän işlerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Bu taglymat eziz Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän we gurýan merdana halkymyza täze üstünlikleri gazanmaga güýç-kuwwat berýär» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýratyn üns çekdi.

Geçen 30 ýylyň dowamynda Bitarap Türkmenistan bu ugurda baý tejribe toplap, ylalaşygyň we dostlugyň merkezine öwrüldi. Gahryman Arkadag Türkmenistan halkara bileleşigiň jogapkär agzasy hökmünde bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýa esasynda halkara gatnaşyklarynyň geljekde hem ösüşine mynasyp goşant goşar diýip, aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň