Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

16:1822.09.2024
0
9822

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada TDH ýazýar.

Söhbetdeşligiň başynda Prezident Wladimir Putin Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşýan uly şahsy goşandyny belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow mähirli gutlaglary we hoşniýetli arzuwlary, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine berýän ünsi üçin Prezident Wladimir Putine minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanda Russiýa Federasiýasy bilen gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi.

Bellenilişi ýaly, Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar dostluk, ynanyşmak we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýar. Hyzmatdaşlyk ýyllarynda ýokary netijeler gazanyldy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutanlary Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň mundan beýläk-de köpugurly hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny tassykladylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow hem-de Wladimir Putin birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk we alyp barýan jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň dostlukly halklaryna bolsa, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň