Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň giňişleýin mejlisini geçirdi

09:3021.09.2024
0
6695

Prezident Serdar Berdimuhamedow 20-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlise Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti iş kesilen 736 raýatyň ýurduň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana hem gol çekdi.
Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Şunda Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Ministrler Kabineti, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri hem-de jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görlüşi, deputatlaryň alyp barýan işleri, gatnaşýan çäreleri barada-da aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow döwletiň hukuk binýadyny we ykdysady esaslaryny berkitmäge ýardam berýän kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagy dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen bir hatarda, Halk Maslahatynyň mejlisine, Garaşsyzlygyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygy bellenildi.

Soňra wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, daşary syýasat, halkara gatnaşyklar, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilýän Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, geljek hepdede Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň, mukaddes Garaşsyzlygyň 33 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň giňden bellenilip geçiljekdigini aýtdy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň oktýabr aýynda hem dabaraly çäreleri geçirmegiň göz öňünde tutulýandygy bellenildi.

Döwlet Baştutany Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçiriljekdigini aýtdy. Foruma gatnaşmak üçin ýokary derejeli myhmanlaryň gelmegine garaşylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti bu ugurda degişli guramaçylyk işleriniň ýola goýulmagynyň möhüm bolup durýandygyny nygtap, halkara forumy ýokary derejede geçirmek maksady bilen, guramaçylyk toparyny döretmek hakynda Buýruga gol çekdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň