Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda geçiriljek sergide «Röwşen aýakgaplarynyň» täze kolleksiýasy tanyşdyrylar

14:4619.09.2024
0
10425

Türkmen aýakgap önümçilik kärhanalarynyň hatarynda öňdebaryjylaryň biri hökmünde meşhur bolan «Röwşen aýakgaplary» kärhanasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli guralýan ykdysady üstünlikleriň sergisine gatnaşýar.

Aýakgap brendi sergide bütin maşgala agzalary üçin niýetlenen güýz aýakgap kolleksiýasyny köpçülige hödürlär.

«Röwşen aýakgaplary» kärhanasynyň wekilleri täze kolleksiýanyň brendiň ozaldan gelýän däpleri bilen häzirki zaman tehnologiýalarynyň we dizaýn çözgütleriniň sazlaşygyny görkezýändigini nygtaýarlar. Aýakgaplaryň materiallarynyň hiline we ýerine ýetiriliş ussatlygyna aýratyn üns berilýär. Kärhana önümçiligiň ähli tapgyrlarynda ýokary hil gözegçilik usullaryny ulanýar, bu bolsa oňa türkmen bazarynda ygtybarly öndüriji hökmünde abraýyny artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Sergä gelýänler täze modelleriň rahatlygyna we stiline özbaşdak baha berip, şeýle hem «Röwşen aýakgaplary» kärhanasynyň önümleriniň ýokary hiline göz ýetirip bilerler.

Bu çäre 19 — 21-nji sentýabr aralygynda Aşgabatdaky «Garagum» myhmanhanasynyň arka tarapyndaky sergi meýdançasynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň