Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň wekiliýeti IAEA-nyň Baş konferensiýasynyň 68-nji mejlisiniň işine gatnaşýar

10:1917.09.2024
0
5575

16-njy sentýabrda Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) Baş konferensiýasynyň 68-nji mejlisiniň işine gatnaşmak maksady bilen Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherine sapary başlandy.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, Baş konferensiýanyň çäginde wekiliýetiň IAEA-nyň Baş direktorynyň orunbasary jenap Lýu Hua bilen duşuşygy geçirildi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşykda IAEA ýaly abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi bellenildi.

Taraplar lukmançylyk, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak we suw serişdelerini dolandyrmak ýaly ugurlarda ýadro energiýasyny parahatçylykly peýdalanmak babatdaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Hususan-da IAEA bilen hyzmatdaşlyk hakynda çarçuwaly maksatnamany işläp taýýarlamakda taraplaryň tagallalaryna ýokary baha berildi.

Şol gün türkmen wekiliýeti Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) Baş konferensiýasynyň 68-nji mejlisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Şeýle hem şol gün Awstriýanyň Ýewropa we daşary işler ministrliginde RF, Gündogar Ýewropa we Günorta Kawkaz, Gündogar hyzmatdaşlygy, Türkiýe we Merkezi Aziýa boýunça departamentiniň başlygy jenap Gerhard Saýler bilen duşuşyk geçirildi.

Taraplar Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.
Halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda BMG we beýleki halkara guramalaryň saýlawly edaralaryna dalaşgärligiň we iki ýurduň öňe sürýän başlangyçlarynyň özara goldanýandygy bellenildi.

Taraplar 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda nobatdaky syýasy geňeşmeleri geçirmek barada ylalaşdylar.

Türkmen wekiliýetiniň Wena sapary dowam edýär diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň