Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Şir Ýag» çalgy ýaglary halkara hil standartlaryna laýyk gelýär

10:1517.09.2024
0
4179

«Şir Ýag» haryt nyşany astynda çalgy ýaglaryny öndürýän «Asuda akym» hojalyk jemgyýeti önümleriniň ýokary hili barada belläp geçýär. Çalgy ýaglarynyň ähli görnüşleri kompaniýanyň öz barlaghanasynda düýpli synagdan geçýär. Önümleriň Türkmenistanyň Döwlet standartlaryna (TDS), şeýle hem ASTM we DIN halkara standartlaryna laýyk gelmegine aýratyn üns berilýär.

«Şir Ýag» çalgy ýaglaryny öndürmek üçin Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda alynýan ýokary hilli çig mal ulanylýar. Kompaniýa çig malyň üns bilen saýlanmagy, innowasion tehnologiýalaryň we import edilýän iň gowy goşundylaryň ulanylmagy netijesinde önümleriniň ýokary hilini kepillendirýär.

«Şir Ýag» çalgy ýaglary önümleriň 25 görnüşini öz içine alýar:

- ýeňil awtoulaglaryň we ýeňil ulag serişdeleriniň hereketlendirijileri üçin;

- uly ýük göterijiligi bolan täjirçilik ulaglary üçin;

- dişli geçirijiler we transmissiýalar üçin;

- oba hojalyk ulag serişdeleri üçin;

- gidrawlik ulgamlar üçin;

- senagat maksatly çalgy ýaglary.

«Şir Ýag» önümleri Türkmenistanyň ähli ýerinde ugurdaş dükanlarda elýeterlidir. Goşmaça maglumatlary siryag.com saýtynda ýa-da (+993 61) 41 32 72 telefon arkaly alyp bilersiňiz.

Kompaniýanyň ofisi Aşgabatda şu salgyda ýerleşýär: Täçmämmet Suhangulyýew köç., 43.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň