Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

16-njy sentýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

13:0716.09.2024
0
4183

Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahaty geçirildi, Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyny çaltlandyrmagy tabşyrdy, Türkmenistanyň we Yragyň daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Aşgabatda, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi. Forumyň işine daşary döwletleriň birnäçesinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri hem-de ýurduň ähli sebitleriniň wekiliýetleri gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny diňlediler. Gün tertibine ýerine ýetirilen işler barada hasabatlar girizildi we Birleşigiň işiniň geljekki ileri tutulýan ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy.

2. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparynyň çäklerinde täze şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygyny çaltlandyrmak, binalaryň bellenen möhletlerde ulanmaga berilmegini üpjün etmek meselelerine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini tabşyrdy. Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we şäheriň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynda işleriň häzirki ýagdaýy baradaky hasabatlary diňlenildi we maýa goýum serişdelerini çekmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Iş maslahatynda täze ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işleri bilen bir hatarda, şanly seneleri ýokary derejede dabaralandyrmak ugrunda görülýän taýýarlyk işleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

3. Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň, şol sanda Söwda merkeziniň, myhmanhananyň, döwrebap dynç alyş seýilgähiniň, ýaşaýyş jaýlarynyň, şypahananyň, maglumat tehnologiýalarynyň umumybilim berýän merkeziniň, işewürlik merkeziniň, Oba hojalyk uniwersitetiniň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Halk Maslahatynyň Başlygy gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Oba hojalyk uniwersitetiniň binalarynyň taslamasyna möhüm ähmiýet berildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri onuň täzeden işlenilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

4. Türkmenistan daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Yrak Respublikasynyň daşary işler ministri Fuad Hüseýniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky türkmen-yrak gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar.

5. Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynyň guramagynda türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň gruzin dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tbilisi şäherinde geçirilen bu çärä Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň wekillerinden, medeniýet we sungat ussatlaryndan ybarat bolan türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Türkmenistanyň ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow Magtymgulynyň goşgularynyň gruzin diline terjime edilmeginiň iki ýurduň arasyndaky dostlugyň, doganlygyň we ýakyn hyzmatdaşlygyň ýene bir aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny nygtady.

В МИРЕ

6. Estoniýaly ekwilibristika ussady Ýaan Ruz Bosfor bogazynyň üstünden çekilen ýüpde Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky serhedi geçen ilkinji adam hökmünde taryha girdi. Bu ajaýyp üstünlik Stambuldaky köpriniň sütünleriniň arasynda gerlen ýüpde ýerine ýetirildi. Bu tolgundyryjy waka şaýat bolmak üçin ýüzlerçe tomaşaçy ýygnandy. Ruz ýerden 165 metr beýiklikde deňagramlylygy saklap, 1074 metr aralygy 47 minutda geçdi. Gara we Mermer deňizlerini birleşdirýän Bosfor bogazy Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda tebigy serhet bolup hyzmat edýär.

7. «Ýagi» supertaýfunynyň weýrançylykly urgusyndan soň, Haýnan welaýatynyň Haýkou şäheri harabalykda galdy: ýykylan agaçlar, döwlen penjireler we zeper ýeten binalar ony betbagtçylyk zolagyna öwürdi. Şeýle-de bolsa, ýaşaýjylar şäheriniň ykbalyna biperwaý garamadylar. Deňi-taýy bolmadyk raýdaşlyk çäresinde, takmynan, 60 000 adam şäheri täzeden gurmaga kömek etmek üçin köçelere çykdy. Esasan-da ýaşlar işjeňlik görkezdi: ýaşlaryň takmynan, 20 000-si tebigy betbagtçylygyň netijelerini aradan aýyrmak boýunça işlere meýletin goşuldy.

Sport habarlary

8. Türkmen türgenleri BAE-de ýetginjekleriň we mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen boks boýunça Aziýa çempionatynda iki bürünç medal gazandylar. Bu üstünlikleri 50 kilograma çenli agram derejesinde 16 ýaşly Begenç Kakamyradow we 70 kilograma çenli agram derejesinde Sapargeldi Nurýagdyýew gazandy. Bäsleşige 26 ýurtdan 462 boksçy gatnaşdy.

9. Astrahanda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna bagyşlanan kiçi-futbol ýaryşy geçirildi. Çäräni türkmen konsullygy gurady. Bäsleşige Astrahan we Stawropol sebitlerinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň toparlary hem-de Astrahan şäheriniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmenistanly talyplardan ybarat Konsullygyň topary gatnaşdy. Dostlukly ýagdaýda geçirilen ýaryşyň netijeleri boýunça ýeňijilere kuboklar we medallar gowşuryldy, iň gowy oýunçylar bolsa aýratyn baýraklar bilen sylaglandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň