Halkara gimnastika federasiýasynyň (FIG) prezidenti Morinari Watanabe şu gün resmi sapar bilen Aşgabat şäherine geldi. Ol saparyň dowamynda Türkmenistanyň paýtagtynyň sport infrastrukturasy bilen tanyşdy.
M.Watanabe Olimpiýa şäherçesindäki gimnastika zallaryny gözden geçireninden soňra ýaş türkmen türgenleriniň ägirt uly mümkinçiliklere eýedigini belläp, olaryň ösüşini goldamaga taýýardygyny mälim etdi.
— Sizde gaty uly mümkinçilikler we köp sanly zehinli çagalar bar. Olaryň geljegi uly – diýip, Halkara gimnastika federasiýasynyň prezidenti belledi.
Şunuň bilen baglylykda, ol bu mümkinçilikleri durmuşa geçirmek üçin dogry taýýarlygyň ähmiýetini, şeýle-de 2028-nji we 2032-nji ýyllarda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryny göz öňünde tutup, türkmen gimnastikasyny ösdürmek meýilnamasynyň eýýäm ara alnyp maslahatlaşylýandygyny nygtady.
Saparyň dowamynda Halkara gimnastika federasiýasynyň prezidentine Aziýanyň gimnastika bileleşiginiň ýolbaşçysy Abdulrahman Ben Saad Al-Şatri hem-de Aziýanyň gimnastika bileleşiginiň wise-prezidenti Timur Abduwaliýew ýoldaş boldular. Saparyň maksady türkmen paýtagtynyň sport infrastrukturasy bilen tanyşmakdan we ýurtda gimnastikanyň ösüşiniň geljegine baha bermekden ybaratdyr.
Mundan başga-da, Halkara gimnastika federasiýasynyň prezidenti Türkmenistanda türgenleşmek üçin döredilen ajaýyp şertlere geň galandygyny we öz täsirlerini Ýaponiýadaky we Hytaýdaky kärdeşleri bilen paýlaşandygyny aýtdy. Öz gezeginde ol Halkara gimnastika federasiýasynyň bu sportuň Türkmenistanda ösdürilmegine doly goldaw berjekdigine ynandyrdy.
«Halkara gimnastika federasiýasynyň prezidenti hökmünde özümi gimnastikanyň atasy hasaplaýaryn. Şonuň üçin hem bu çagalar meniň ogullarym we gyzlarym. Olara goldaw bererin we munuň üçin elimden gelenini ederin» diýip, Morinari Watanabe aýtdy.
Halkara gimnastika federasiýasynyň prezidenti türkmen gimnastikaçylarynyň geljekki Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjakdyklaryna umyt bildirdi hem-de muny türgenler we federasiýa üçin umumy arzuw diýip atlandyrdy.