Türkmenistanyň Mary welaýatynyň çäginde guralan dabaralara, ýagny Serhetabat-Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedinde uzynlygy 177 metr demir ýol köprüsiniň açylmagy, Mary welaýatynda «Şatlyk-1» gaz gysyjy bekediniň düýbüniň tutulmagy, Türkmenistan --- Owganystan --- Pakistan --- Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat --- Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna, Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat --- Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşyk işlerine, şeýle-de Turgundy demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň hem-de Serhetabat --- Turgundy demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy --- Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga berilmegi, Türkmenistan --- Owganystan --- Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekediniň işe girizilmegi mynasybetli guralan dabaralara Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammed Hasan Ahund hem gatnaşdy.
"Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, dabaranyň barşynda Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammed Hasan Ahunda söz berildi.
Belent mertebeli myhman dabara gatnaşyjylary mübärekläp, hemmeleri, şeýle hem Owganystanyň we Türkmenistanyň halklaryny we ýolbaşçylaryny bu taryhy wakalar bilen gutlady. Ol sözüniň dowamynda TOPH gaz geçiriji taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat-Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna girişilmeginiň möhümdigini belledi. Bu taslamanyň diňe bir gatnaşyjy ýurtlara däl, eýsem, sebitdäki ähli döwletlere-de oňyn täsirini ýetirjekdigi aýdyldy.
Owganystanyň Hökümetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji bu taslamalaryň türkmen-owgan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyryp, iki ýurduň ykdysadyýetini ösdürmäge, durmuş meselelerini, şol sanda ilaty iş bilen üpjün etmek meselelerini çözmäge hyzmat etjekdigini nygtady.
Molla Mohammed Hasan Ahund bu taslamalary doly durmuşa geçirmek, hususan-da, TOPH gaz geçirijisini Pakistana we Hindistana ýetirmek üçin owgan tarapyndan ähli tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy.
Owganystanyň Hökümetiniň ýolbaşçysy öz ýurdunyň bu işleri tiz wagtda tamamlamaga hem-de beýleki iri taslamalary durmuşa geçirmäge ygrarlydygyny nygtap, hemmelere berk jan saglyk we üstünlikleri arzuw etdi.