Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Sanly karz ulgamy Türkmenistanda meşhurlyk gazanýar

13:2211.09.2024
0
6915

Türkmenistanda ýakynda ýola goýlan sanly karz ulgamy ýurduň ilatynyň arasynda meşhurlyk gazanýar.

«MIR 24» teleýaýlymynyň habar bermegine görä, ulgamy işe girizileli bäri geçen bir aýyň içinde oňa 3000-den gowrak adam birigip, olaryň 400-si eýýäm karz aldylar.

Sanly karz ulgamy müşderiniň karz taryhyny hakyky wagtda seljerýän ýörite algoritmleri ulanýar. Bu ulgamda arza tabşyrmakdan başlap, karzy almaga çenli ähli amallar onlaýn ýagdaýda amala aşyrylýar.

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Öwezgeldi Geldiýew bu barada şeýle gürrüň berýär:

«Hemmesi juda ýönekeý boldy. Men onlaýn görnüşde ýüz tutdum we resminamalary ýygnamak üçin hiç ýere gitmeli hem bolmadym. Bar eden zadym, ähli maglumatlary jikme-jik girizdim hem-de öýümden çykmazdan karz aldym».

Sanly karz ulgamynyň ýola goýulmagyndan esasy maksat karz bermek işini ýönekeýleşdirmekden we raýatlaryň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Ozal habar berşimiz ýaly, «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan fiziki şahslar üçin niýetlenen «Sanly karz» ulgamyny ulanyşa girizildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň