Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky Innowasiýa maglumat merkezine koreý dili boýunça okuw kitaplary gowşuryldy

11:0907.09.2024
0
7779

6-njy sentýabrda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezine Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan koreý dili boýunça okuw kitaplarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

2021-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Innowasiýa maglumat merkezi bilen Milli maglumat agentligi bilen özara baglaşan ylalaşyk esasynda Innowasiýa maglumat merkeziniň çäginde döredilen «Maglumat elýeterlilik merkezi» ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanyp, mümkinçiligi çäkli hem-de pensiýa ýaşyndaky raýatlar üçin kompýuter sowatlylygy boýunça okuwlary guraýar.

Koreý dili boýunça okuw kitaplary sowgat hökmünde gowşurylyş dabarasynyň dowamynda Merkez bilen Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bilim ulgamyna degişli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Dabaranyň dowamynda Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan myhmanlara sowgatlar gowşuryldy diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň