Top.Mail.Ru

GFR-iň Kansleri 15-17-nji sentýabrda Gazagystana we Özbegistana barar

09:2007.09.2024
0
5514
GFR-iň Kansleri 15-17-nji sentýabrda Gazagystana we Özbegistana barar
Surat: asia24.media

Germaniýanyň Kansleri Olaf Şols 15-nji sentýabrda Merkezi Aziýa ýurtlaryna sapara ugrar hem-de Gazagystanda «C5 goşmak 1» görnüşdäki sammite gatnaşar. Bu barada Berlinde geçen metbugat brifinginde Hökümetiň resmi wekili Şteffen Hebeştraýt aýtdy diýip, TASS habar berdi.

Habarda Şolsuň Merkezi Aziýa ýurtlarynda 17-nji sentýabra çenli boljakdygy aýdylýar. Germaniýanyň Hökümetiniň resmi wekili Özbegistanyň we Gazagystanyň öz ýurtlary üçin ýakyn hyzmatdaşlar bolup durýandygyny hem-de ýurtlaryň arasynda ylym, ykdysadyýet, energetika we çig mal ugurlarynda hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändiklerini nygtady.

Gazagystanda Germaniýanyň Kansleri Merkezi Aziýa ýurtlary bilen «C5 goşmak 1» görnüşdäki sammite gatnaşar. Kansleriň sapar wagtynda ýanynda işewürler topary hem bolar.

«C5 goşmak 1» görnüş Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisi (Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan) bilen ABŞ-nyň arasynda köptaraplaýyn gural bolmak bilen, 2015-nji ýylda ykdysadyýetde, ekologiýada we howpsuzlyk ulgamynda sebit meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen döredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň