Top.Mail.Ru

Türkiýä ýaşy 2,5 müň ýyl bolan monjuk gaýtarylyp getirildi

16:3406.09.2024
0
6800
Türkiýä ýaşy 2,5 müň ýyl bolan monjuk gaýtarylyp getirildi
Surat: belta.by

Türkiýe Respublikasyna ABŞ-dan ýaşy 2,5 müň ýyl bolan gymmatbaha monjuk gaýtarylyp getirildi. Tapyndy köp ýyllaryň dowamynda Bostonyň muzeýinde sergilendi diýip, «Anadolu» habarlar gullugyna salgylanýan «Belta.by» ýazýar.

Bezeg şaýy Manisa ülkesinden ogurlanyp, bikanun ýol bilen 1982-nji ýylda ABŞ-a eltildi. Türkiýäniň Nýu-Ýorkdaky medeniýet boýunça attaşesi Hilal Demireliň aýtmagyna görä, monjugyň uzynlygy 20 sm-e golaý. Ol altyndan ýasalyp, nar görnüşli hakyk daş monjuklardan düzülendir.

Taryhy tapyndy Türkiýäniň Bostondaky ilçihanasynda bolan dabarada türk tarapyň wekillerine gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň