Top.Mail.Ru

Dubaýda beýikligi 725 metrlik ýene bir gökdirän gurmakçy bolýarlar

14:3206.09.2024
0
7351
Dubaýda beýikligi 725 metrlik ýene bir gökdirän gurmakçy bolýarlar
Surat: rg.ru

Dubaýda beýikligi 725 metr bolan ýene bir mähnet gökdirän gurmakçy bolýarlar. Binanyň bahasy bir ýarym milliard dollardan geçýär. Ol Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurdaky «Merdeka» atly 679 metrlik gökdiränden beýik, Dubaýdaky 828 metrlik «Burj-Halifadan» pes bolar.

Täze gökdirände 131 gat bolar. Täze binada 7 ýyldyzly myhmanhana, söwda merkezi, syn ediş meýdançasy we ýaşaýyş öýleri bolar.

Gurluşygy ýene dört ýylda tamamlamakçy bolýarlar diýip, «rg.ru» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň