Top.Mail.Ru

Neýroulgam «Öli janlar» romanynyň ikinji jildini dikelder

15:5203.09.2024
0
6651
Neýroulgam «Öli janlar» romanynyň ikinji jildini dikelder
Surat: mir24.tv

Ýazyjy Nikolaý Gogolyň meşhur «Öli janlar» romanynyň ikinji jildini neýroulgam ýazar. Taslama ýazyjynyň mirasy boýunça hünärmenler hem gatnaşar diýip, TASS habar berdi.

Neýroulgam bilen taryhçylaryň, edebiýatçylardyr we Gogolyň terjimehalyny ýazyjylaryň okuw sapaklary geçirildi. Hünärmenler munuň romanyň ikinji bölüminiň ýordumyny we gahrymanlaryny döretmäge kömek etjekdiklerini belleýärler.

Emeli aňy şeýle-de ýazyjynyň beýleki eserleri, onuň alşan hatlarydyr ikinji jilde eden garalamalary bilen tanyşdyrdylar. Emeli aň indi ýazyjynyň awtorlyk stilini hasaba almak we biziň döwrümize gelip ýeten taslamalarynyň esasynda ady agzalan kitabynyň nusgasyny ýazar.

«Öli janlar» romany 1842-nji ýylda neşir edildi. Ikinji bölümiň üstündäki işler 10 ýyla golaý dowam etdi, emma 1852-nji ýylda Gogol ony oda ýakdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň