Top.Mail.Ru

Sarash serhedinden Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda demir ýol gatnawy 30% ýokarlandy

11:1402.09.2024
0
6213
Sarash serhedinden Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda demir ýol gatnawy 30% ýokarlandy
Surat: newscentralasia.net

Häzirki Eýran senenama ýylynyň ilkinji bäş aýynda (2024-nji ýylyň martyndan bäri), Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda Sarash serhedi arkaly 1 million 50 müň tonna haryt daşaldy. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 30% köpdür. Bu barada «IRNA» ýazýar.

Sarahs demir ýol serhedindäki umumy daşary söwdanyň 600 müň metrik tonna golaýy harytlaryň serhetara görnüşine degişlidir. Bu bolsa degişli döwürden 55% ýokarydyr diýip, Horasan welaýat demir ýolunyň baş müdiri Mostafa Nasiri habar berdi. Şeýle hem, 526 müň metrik tonna serhetara ýükleriň Türkmenistandan eksport edilýän ýüklere degişlidigini aýtdy. Bu Sarahs — Bender-Abbas demir ýol geçelgesinde üstaşyr ýük gatnawynyň 78%-ini emele getirýär.

Eýranyň eksport ýükleri Türkmenistana, Täjigistana we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryna ugradyldy. Eksport edilýän harytlaryň uly bölegini sement we gurluşyk materiallary tutýar diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň